Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2024-nji ýylda Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri, Astanada bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Degişli mesele iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda düýn Astanada geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm gün tertibine ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutanlarynyň görkezmelerine laýyklykda, şu ýyl Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäreleriň çäginde döredijilik toparlarynyň çykyşlary, iki ýurduň beýik söz ussatlary Magtymguly Pyragynyň hem-de Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär diýlip çeşmede bellenilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde geçiriljek çäreler barada hem pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Gazagystanda Abaý güni bellenildi
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligi açyldy
Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy