Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň çäklerinde guralan dürli çäreler ýurduň raýatlaryny köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň şu günki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Astana şäherindäki Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, medeni-edebi, ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gazak paýtagtyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Olar teatryň eýwanynda guralan Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şaý-sepleriň sergisine tomaşa etdiler. Dabarada çykyş edenler Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hormatly Prezidentlerine çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu medeni forum türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, döredijilik duşuşyklarydyr sahna hem-de kino eserleriniň görkezilişi ýaly täsirli çärelere baýlygy bilen tapawutlandy.

Astana şäherindäki Kerwen söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda görkezilen Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan Istärin atly çeper film sungat muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gazagystanyň Akademiki kitaphanasynda guralan döredijilik işgärleriniň duşuşygy Türkmneistanyň Prezidentiniň Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyşy bilen utgaşdy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Astana şäherindäki Kerwen söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Gyzyl alma atly çeper filmine tomaşa etdiler. Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy mynasybetli bu şäheriň Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan bilelikdäki dostluk konsertinde türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Goşa ganatly ýel turbinasy
Kuleba: "Rus tarapy bilen gepleşiklere taýardyrys" diýdi
"Ýönekeý Hytaýyň uniwersitetlerine girmek isleýänler üçin giňişleýin hyzmatlar toplumyny hödürleýär
Hytaýda ýokary bilim almak: Ýönekeý bilen täze gözýetimleri açyň
Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň forumynda çykyş etdi