Gazagystanyň Abaý welaýatynda bolan tokaý ýangynynda ýogalan 14 işçi üçin şu gün “Milli ýas güni”diýlip yglan edildi.
Milli ýas güni sebäpli ýurtdaky baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy, aýdym sazly ähli çäreler yza süýşüdildi we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanlar bilen habar saýtlarynyň sahypalary ak-reňke reňke bürendi.
Gazagystanyň Prezidenti Tokaý, Abaý welaýatyna baryp ýangyn hakynda ýolbaşçylardan maglumat aldy.
Prezident Tokýaw, ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda degişli ministrligiň we häkimligiň tebigy apatyň öňüniň alynmagy üçin ýeterlik çärä görmändigini belledi.
Ýangyn hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.
3 aýry ýerde dowam edýän ýangyn sebäpli käbir obalaryň boşadylandygy nygtaldy.
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Syrym Şariphanow, metbugata beren beýannamasynda, ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, emma howanyň ýylylygynyň artmagy we ýel sebäpli sebitde ýaňadandan ýaýrama howpunyň bardygyny aýtdy.
Gazagystanyn Abaý welaýatyndaky Semeý tokaýynda 8-nji iýunda başlan ýangyn sebäpli Tokaý hojalygynyň işgäri 14 işçi ýogalypdy.