Türkmenistanyň duldegşir goňşysy Gazagystanda 2-nji ýanwarda başlanan protestler netijesinde Alma Aty, Aktau, Şimkent we beýleki şäherlerinde hukuk goraýjy güýçleri bilen protestçileriň çaknyşyklary netijesinde ençeme adamyň ölendigi we onlarçasynyň ýaralanandygy habar berildi.
Häkimiýetler 8 müň çemesi adamyň tussag edilendigini we “terrorçylyga” garşy çäreleriň dowam edýändigi aýdýarlar. Tutulanlaryň arasynda goňşy döwletlerden (Gyrgyzystandan, Täjigistandan) bolan raýatlaryň bardygy hem bildirildi.
Hatda, tussag edilen Gyrgyzystanly jazz sazandäsy,ýüzi-gözi ýaraly Wikram Ruzahunowyň Gazagystanyň döwlet telewidenýesinde çykyşy görkezildi we ol özüne 200 dollar söz berilendigi üçin protestlere gatnaşmak üçin Alma Aty gelendigini aýtdy.
Bu çykyş onuň kärdeşleriniň protestlerine we Gyrgyz resmileriniň ýiti tankydyna getirdi. 10-njy ýanwarda Ruzahunowyň azatlyga goýberilendigi habar berildi.
Şeýlede Gazak resmileri ýurdyň ähli sebitinde tertip-düzgüniň ýola goýulýandygyny, jemgyýetçilik ulag hereketleriniň, internetiň kadaly ýagdaýda işlemäge başlandygyny aýdýarlar. Emma,köp şäherlerde azyk önümleri bilen üpjünçiligiň pesdigini raýatlar belleýärler.
Ýurtda adatdan daşary ýagdaýlar dowam edýär.
Şeýlede Russiýanyň gurnaýan ýörite uçar gatnawlary bilen rus raýatlarynyň Gazagystandan çykarylýandygyny rus mediasy habar berýär,
11-nji ýanwarda prezident Kasym Jomart Tokaýewiň milli Mejlisde çykyş edip, täze kadrlar çalyşygyny yglan etmegine garaşylýar.Ol eýýäm, 5-nji ýanwarda hökümeti dargadyp, wagtlaýyn premýer-ministri edip Alihan Smaýilowy we Döwlet sekretary wezipesine Erlan Karini belläpdi.
10-njy dekabrda KHŞG-niň wideýo şekilli maslahatyndaky çykyşynda prezident Tokaýew Gazagystanda döwlet agdarlyşygyna synanyşyk edilendgini yglan etdi. Bu duşuşyk barada Gazagystanyň döwlet telewideniýesi janly ýaýlym berdi.
Tokaýew bu protestlerde howpsuzlyk güýçleriniň 16 sany agzasynyň ölendigini we asuda ilatyň arasynda hem ölenleriň bardygyny, olaryň anyk sanynyň anyklaşdyrylýandygyny sözüne goşdy. Ol Gazagystandaky wakalara, “terroristleriň”, çet ýurtlylaryň gatnaşandygyny tekrarlady.
Russiýanyň prezidenti Putin bolsa, KHŞG-a agza ýurtlaryň öz çäginde “reňkli rewolýusiýalara” ýol bermejekdiklerini, KHŞG-niň parahatçylyk harby kontingentiniň Gazagystana çäkli möhlete barandygyny we soňra ýurtdan çykaryljakdygyny aýtdy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky maglumatlaryna görä, Tokaýew protestler başlandan soňra 7-nji ýanwarda eden üçünji rusça ýüzlenmesinde özlerine boýun egmeýän protestçileriň ýok ediljekdigini aytdy we daşary ýurtlaryň protestçiler bilen diýaloga çagyryşlaryny “samsyklyk” diýip atlandyryp, ”banditler” bilen hiç bir gepleşikleriň geçirilmejekdigini belläpdi.
10-njy ýanwar Gazagystanda matam güni diýlip yglan edildi.The post Gazagystanda tertip-düzgüniň ýola goýulýandygy, dükanlaryň açylýandygy habar berilýär, prezident Tokaýew ýurtda döwlet agdarlyşygyna synanyşyk edilendigini aýdýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.