Gazagystanda talyplara koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy

Gazagystanda talyplara koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrligi mekdep mugallymlarynyň koronawirusa garşy sanjymyny tamamlap, 18 ýaşdan uly talyplar üçin sanjym kampaniýasyna girişýär. Bu barada respublikanyň Saglygy goraýyş ministri Alekseý Soý hökümet mejlisinde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Edara ýolbaşçysy bilim edaralaryna girilende ýurtda epidemiki ýagdaý baradaky maglumatlary gözegçilikde saklamak we seljermek üçin niýetlenen Ashyq mobil programmasynyň ulanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Öz gezeginde, respublikanyň premýer-ministri Askar Mamin täze okuw ýylynda okuwyň sanitar-epidemiýa çäreleriniň berjaý edilmegi bilen adaty formatda başlajakdygyny aýtdy.

Geçen okuw ýylynda Gazagystanda 3,4 mln töweregi mekdep okuwçysy bilim almaga başlady, olar hem gaýybana, hem uzak aralykdan bilim aldylar. Şu ýyl 3,6 mln çaganyň mekdebe gitmegine garaşylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde we kollejlerde okaýanlaryň sany, degişlilikde, 650 müň we 470 müň bolar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň prezidenti hökümetiň işinden aýrylmagyna razy boldy
Gazagystanyň Hökümeti Iş Başyndan Çekildi
Aşgabatda YHG-niň sammiti geçdi, oňa gatnaşanlar energiýany, söwdany, Owganystany, Covid-19-i maslahatlaşdylar, Ermenistany ýeňişi bilen Azerbaýjany gutladylar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi