Gazagystanda sil apaty sebäpli 5 adam ýogaldy, ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Sil sebäpli Atrau sebitinde 4 adam, Türkistan sebitinde hem 1 çaga ýogaldy.
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.
Sil sebäpli 8 welaýatda 38 etrapçada adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.
Apatdan häzire çenli 117 müň 694 adam halas edildi. Ewakuasiýa edilen 18 müň 651 adam öýüne dolandygy, 6 müň 887 adam bolsa henizem wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýar.
113 müň 852 haýwan hem howpsuz ýagdaýda ewakuasiýa edildi.
Akmola, Aktöbe, Atarau, Kostanaý we Demirgazyk Gazagystan welaýatlarynda 5 müň 718 öý suwyň aşagynda galdy.