Gazagystanda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýedi dalaşgär ýüz tutdy

Gazagystanda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýedi dalaşgär ýüz tutdy

Gazagystanyň Merkezi saýlaw topary öňde duran Prezident saýlawlaryna ýedi dalaşgäriň arza berendigini habar berdi. Olaryň arasynda Umumymilli sosial-demokratik partiýadan Nurlan Auýesbaýew hem resmi bellige alyndy. Ol döwlet dilini bilşi barada synagdan üstünlikli geçdi diýip, MIR 24 ýazýar.

MST-a häzirki wagta çenli dalaşgärleriň ýedisi arza berdi, olaryň dördüsi resmi taýdan bellige alyndy. Ýeri gelende aýtsak, dalaşgärler saýlawlara goýberilmek üçin azyndan 118 müň sany gol ýygnamalydyr.

Şu gün dalaşgärleri bellige almak tamamlanar. Resmi bellige alnanlaryň hatarynda ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem bar.

Şeýle-de dalaşgärleriň biriniň zenandygy habarda bellenýär, ol Durmuş ulgamy işgärleriniň milli geňeşi tarapyndan hödürlenen Karakat Abden bolup durýar.

Karaken Gazagystanda tanalýan jemgyýetçilik işgäridir, dört çaganyň enesidir.

Ýurtda Prezident saýlawlary 20-nji noýabra bellendi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň prezidentiniň wezipesine 12 dalaşgär hödürlendi
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Russiýanyň Merkezi saýlaw topary Prezident saýlawlarynda býulletenleri 100 göterim sanady
Türkmenistanda adatdan daşary prezidentlik saýlawlary 12-nji marta bellendi
Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirer
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...