Gazagystanda Möhletinden Irki Prezident Saýlawlary Geçirilýär

Gazagystanda Möhletinden Irki Prezident Saýlawlary Geçirilýär

Gazagystanyň halky geljek 7 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyrjak prezidentini saýlamak üçin ses berýär.

Ýurtdaky 10 müňden gowrak saýlaw okrugynda ses berilmäge ýerli wagt boýunça sagat 7:00-da başlandy.

Ilaty 19 milliondan geçýän Gazagystanda bu saýlawda 11,950,485 saýlawçynyň ses bermegine garaşylýar.

Ses bermeklik sagat 20:00-a çenli dowam eder.

Alynky netijeleriň ertir yglan edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Jana şypaly miwe
Sanly bilim ulgamy ösdürilýär
Ysraýylda Irki Saýlaw Geçirilýär
Täze Toyota Corolla 2023 tanyşdyryldy
22-nji sentýabr pilleri goramagyň bütindünýä güni