Gazagystanda Magdan Käninde Bolan Partlamada 5 Adam Ýogaldy

Gazagystanda Magdan Käninde Bolan Partlamada 5 Adam Ýogaldy

Gazagystanyň Karagandy welaýatyndaky magdan käninde bolan partlamada 5 adam ýogaldy.

Welaýat häkimliginden berlen beýannama görä, Şahtinsk şäherinde ýerli wagt bilen 03.00 töweregi “Arselor Mittal Temirtau” magdan käninde partlama boldy.

Partlamada magdan känindäki 106 işçiden 5-i ýogaldy. Ýaralanan 4 işçi bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy.

Magdan firmasynyň ýolbaşçysy Arman Kalykow, partlama açylan gaz guýusynyň sebäp bolandygyny mälim etdi.

Kalykow, partlamadan soň 101 işçiniň ýeriň aşagyndan çykarlandygyny emma magdan käniň aşakky gatynda galan işçileriň ýogalandygyny ýatlatdy.

Partlama bilen arabaglanşykly derňew işi gozgaldy.

Gazagystanyň Prezident Kassym- Žomart Tokaýew, magdan käninde bolan partlamada ýogalan işçileriň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Tokaýew, hökümete partlama bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalmagy we ýogalan işçileriň hossarlaryna degişli kömegiň berilmegi üçin görkezme berendigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Sil Yssyk Kölde Dynç Alyş Obalaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Türkmen we özbek işewürleri bilelikdäki ulag kompaniýasyny döredip bilerler
Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”
Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider