
Gazagystanda Alihan Ismailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden çekildi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Konstitutsiýanyň 70-njy maddasyna laýyklykda hökümetiň wezipesinden çekilmegi baradaky karary tassyklady.
Şeýlelikde, Ismailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden çekildi.
Wise-premýer Roman Sklýar wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk eder.
Ozalky hökümetiň agzalary hem täze hökümet gurulýança öz wezipesini dowam etdirer.
Alihan Ismailow, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başdan geçirlen wakalardan soň bu wezipä bellenipdi, 2023-nji ýylyň 19-njy martynda geçirlen saýlawlardan soň ýaňadandan Premýer-ministr bolupdy.