Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Atyrau welaýatynyň häkimliginden berilen beýanata görä, soňky 2 ýylda sebitdäki "Karabau-2" gorganynda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Gorgandaky 9 mazaryň 7-sinde b.e. öňki 6-njy asyrdan, b.e. 4-nji asyra çenli sebitde ýaşan atly çarwa halk Sarmatlara degişli şaý-sepler, ýaraglar we keramiki gaplar bilen birlikde adam galyndylary hem tapyldy.

Ýüze çykarylan eserler, Atyrau Sebit we Taryh Muzeýinde guralan sergide ilkinji gezek görkezildi.

Her iki tarapynda dag barsynyň şekili bolan we agramy takmynan 370 gram bolan altyn bilezik bolsa myhmanlaryň ünslerini özüne çekdi.

Gazak arheolog Marat Kasenow, Atyrau sebitiniň alymlar tarapyndan wagtynda Sarmatiýa imperiýasynyň höküm süren sebidi hökmünde häsiýetlendirilendigini we munuň arheologik gazuw-agtaryş işleri bilen subut edilendigini belläp: "(Sarmatlar döwrüne degişli) Tapylan jemi gadymy eserleriň sany 1000 töweregi.

Olaryň 100-si altyn şaý-seplerden ybarat. Şaý-seplerde esasan hem şol mahallar sebitde ýaşan bars, ýabany doňuz, gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň suratlary bar.Geçirilen iň soňky gazuw-agtaryş işlerimiziň netijesinde bolsa tapylan eserleriň arasynda ýurdumyzda ozal hiç wagt gabat gelinmedik we gowy saklanan agaçdan ýasalan 2 käse tapdyk" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
2023: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 13% ýokarlandy
Röwşen aýakgaplary güýz-gyş möwsümi üçin aýakgaplaryň täze toplumyny hödürleýär
Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti