Gazagystanyň paýtagty Nur Sultanda protest ýörişleri sebäpli Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.
Akordadan berlen beýannama görä, Prezident Kasym Jomert Tokaýew, paýtagtda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilmegi hakyndaky karary tassyklady.
Karara laýyklykda ýanwar aýynyň 5-19-i aralygynda paýtagtda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.
Halkyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen şäherde ýerli wagt bilen 23.00-dan 07.00-a çenli köçä çykmak gadagan edildi.
Döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda we strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän binalarda berk howpsyzlyk çäreleri görler. Şähere geliş gidişler çäklendirler.
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, şu gün irden Premýer-ministr Askar Maminiň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň wezipesinden çekilýändigi hakyndaky arzasyny kabul edipdi.
Premýer-ministriň wekili wezipesini ozal Premýer-ministriň orunbasary bolan Alihan Smailow ýerine ýetirer.
Ýurtda suwklandyrylan nebit gazynyň nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyna garşy guralan protest aksiýalary sebäpli ilki Almaty şäheri bilen Mangystau welaýatynda Adatdan daşary ýagdaý dolanlygy yglan edilipdi.