Gazagystanda Abaýyň güni bellenildi

Gazagystanda Abaýyň güni bellenildi

Gazagystanda milli şahyr Abaýyň güni bellenildi diýip, MIR 24 habar berdi. Şu ýyl magaryfçy şahyryň doglan gününiň 178 ýyllygy baýram edildi. Ýurduň şäherlerinde konsertler, çeper okaýyşlar we döredijilik duşuşyklary geçirildi.

Gazagystanyň Milli kitaphanasynda şahyryň ähli eserleri we oňa bagyşlanan işler saklanýar, bu ýerde Açyk gapylar güni guraldy.

XIX asyryň ortalarynda doglan şahyryň hakyky ady Ibragim bolup, oňa Abaý adyny enesi dakypdyr. Abaý Kunanbaýew 200-den gowrak eser— goşgulardyr aýdymlary miras goýdy.

Gazaklar şahyry öz ruhy halypasy hasaplaýarlar. Ol eserlerinde halkyny özgerişliklere, batyr we dogruçyl bolmaga çagyrypdyr.

Abaý dünýä edebiýatynyň Baýron, Gýote, Puşkin ýaly söz ussatlarynyň eserlerini gazak diline terjime edipdir. XIX asyrda onuň terjimesindäki Tatýananyň Onegine haty gazak sährasynda halk aýdymyna öwrülipdir.

Abaýyň güni bilen bagly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gazak halkyny gutlady. Onda: Beýik şahyr milletiň ruhy ösüşine ägirt uly goşant goşdy. Onuň nesihatlary ösüp gelýän ýaş nesil üçin ahlak ýörelgesidir. Biziň borjumyz Abaýyň bahasyny ölçäp bolmajak mirasyna hormat goýmakdyr diýilýär.

Astanadaky şahyryň ýadygärligine ter gül desseleri goýuldy, çärä jemgyýetçilik wekilleridir daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Abaýyň güni mundan üç ýyl öň döredildi.

Braziliýanyň paýtagty Rio-de-Žaneýroda gazak şahyrynyň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin” romany rekord bahadan satyldy
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gazagystanyň Prezidenti Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy
Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi