Gazagystan ýurda bugdaý getirmäge gadaganlygy uzaltdy

Gazagystan ýurda bugdaý getirmäge gadaganlygy uzaltdy

Gazagystanyň häkimiýetleri ýurda bugdaýy getirmegi çäklendirmek boýunça çäreleriň möhletini 2024-nji ýylyň aýagyna çenli azaltmak barada karara geldi. Bu barada ýurduň Hökümetiniň daşary söwda syýasaty boýunça geňeşiniň ýygnagynyň jemlerine salgylanýan TASS habar berdi.

Gazagystanyň çägine ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça bugdaý getirmäge gadaganlyk ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy diýlip, habarda aýdylýar.

Astana bu çäreleri RF-den önümiň bikanun ýol getirilmeginiň öňüni almak we Gazagystanda hasylyň ýokary görkezijisi bilen esaslandyrdy.

Bugdaýyň getirilmegine gadaganlyk bilen birlikde, ownuk we iri şahly mallaryň getirilmegine hem gadaganlygyň möhleti uzaldyldy.

Respublika bugdaýyň getirilmegine gadaganlygy 12-nji aprelde girizipdi we ol ýarym ýyl dowam etmelidi.

Öň Russiýanyň Gazagystana eksportynyň bäş aýda 10,1 göterim azalandygy habar berlipdi, emma Russiýa ýurda esasy haryt eksport ediji ýurt bolmagynda galýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Dünýäde azyk önümleriniň nyrhy soňky 1,5 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"  
BRIKS guramasynyň sammitine 30-dan gowrak ýurt gatnaşar
Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi