Gazagystan we Özbegistan bilelikde “Korkyt ata” taryhy teleserialyny surata düşürýär

Gazagystan we Özbegistan bilelikde “Korkyt ata” taryhy teleserialyny surata düşürýär

Taryhy teleserial “Korkyt ata” surata düşürilip başlandy. Bu barada Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.media belleýär.

23-nji oktýabrda teleserialyň surata düşürilýän meýdançasyna Gazagystanyň Maglumat we jemgyýetçilik ösüşi ministri Darhan Kydyrali baryp gördi.Taryhy eser “Gazagystan” telekorporasiýasy we Özbegistanyň “Kinematografiýa agentligi” tarapyndan bilelikde surata düşüriler.

Serial dört bölümden ybarat bolar.Darhan Kydyrali surata düşüriji topara Altaý sebitinde Türk akademiýasynyň gözlegçileri tarapyndan tapylan V-VI asyrlaryň kobyzyny ulanmagy teklip etdi.Korkyt ata türki halklaryň X asyrda ýaşap geçen şygyrçy-şahyry we kompozitory.

Kobyzy dörediji, bagşy, gürrüňçi, şahyrlaryň we sazandalaryň howandary.Kobyz, şeýle-de kyl-kobyz, nar-kobyz Gazagystanyň tarly, kemençe bilen çalynýan milli aýdym-saz guraly.

Ýene degişli makalalar

Fuýu Türkçesi
Altaý Türkçesi
Maýa Musaskaýa we onuň türk toparyndaky netijeleri bilen bagly maglumatlar
Türk Goranyş Senagaty 2023-nji Ýylda Üstünliklerini Dowam Etdirer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazagystanyň prezidentiniň wezipesine 12 dalaşgär hödürlendi