Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar

Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar

Gazagystan Mangystaw serhetýaka oblastyndan Türkmenistanyň serhedine barýan iki kilometrlik ýoly döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Mangystaw oblastynyň Karakiýa etrabynyň häkiminiň metbugat gullugyna salgylanyp, “Kazinform” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Taslamanyň çäginde dynç alyş meýdançalaryň we pyýada ýollaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Gazagystanyň milli awtoulag ýoly boýunça operatory “KazAvtoZhol” Kenderli dynç alyş zolagyndan Temir-Baba barlag nokadyna çenli 108 kilometre uzaýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar.

Mangystaw oblastynyň Karakiýa etrabynda täze serhet barlag nokadynyň gurluşygy dowam edýär we onuň gurluşygynyň 2024-nji ýylyň iýul aýyna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Bu taslama Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň buýrmasy esasynda ýerine ýetirilýär we ol 6 milliard teňňä barabar bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, serhet nokadynda iki sany guýy gazylar we gündelik kuwwaty 100 kub metr bolan agyz suwy süýjediji desga gurlar. Häzirki wagtda serhet nokadynda tehniki zerurlyklar üçin niýetlenen diňe bir guýy ulanylýar.

Temir-Baba barlag nokady Mangystaw oblastynyň günortasyndaky Karakiýa etrabynyň Temir-Baba sebitinde ýerleşip, onuň oblastyň merkezi Aktau şäherine çenli aralygy 335 kilometre barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy