Gazagystan Türkmenistandan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Gazagystan Türkmenistandan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Gazagystanyň Hökümeti paýtagt şäheri Nur-Soltany türkmen gazy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Delowoý Kazahstan” gazeti habar berdi, diýip Biznes Türkmenistan ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, Nur-Soltanyň gaz üpjünçiligi entäk Gazagystanyň öz gazynyň hasabyna ýerine ýetiriler. “2021-nji ýylda “Saryarka” gaz geçirijisiniň üsti bilen 300 mln.kub metre çenli gaz getirmek meýilleşdirilýär” diýip, ministrligiň maglumatlarynda bellenilýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanyň premýer-ministri Askar Maminiň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ýurtda içerki bazar üçin türkmen gazyny satyn almak mümkinçiligine garalýandygyny habar berdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Gazagystan türkmen gazyny import etmegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň paýtagty üçin türkmen gazynyň satyn alynmagy mümkin
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BRIKS SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedowy Wladimir Putin garşylady