Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky energiýa integrasiýasy gatnaşyklary çalt depginde ösýär. Bu barada premýer-ministriň orunbasary, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen Astanada geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy diýip, Kazinform ýazýar.
M.Nurtleu: Gazagystan uzak möhletleýin esasda energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýdi.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bu ugurda türkmen tarapyna birnäçe teklipiň berilendigini belledi.
Nurtleunyň pikiriçe, gaz öndürmek we gaýtadan işlemek, daşamak üçin ösen tehnologiýalaryň alyş-çalşyna aýratyn üns berildi.
Gün tertibindäki esasy mesele bolsa degişli gepleşikleriň netijelerine esaslanyp täze ugurlarda bilelikdäki kärhanalary açmak mümkinçiligi boldy diýip, Gazagystanyň daşary işler ministri belledi.