Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly  Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi bolýar.

Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

-Bu ýol Gazgystany, Russiýanyň merkezi sebitlerini we Türkmenistany Eýran bilen, Pars aýlagynyň sebitindäki ýurtlar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan goşmaça ugurlary döreder. Ol üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrýar hem-de ulag çykdajylaryny azaldýar, syýahat etmek üçin wagt tygşytlaýar we ykdysady ösüşe ýardam berer diýip, Antonowiç aýtdy.

Ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslama gatnaşyjy döwletlere dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredýändigini hem-de Ýewraziýanyň demir ýol ulgamynyň örän ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki günde Türkmenistan DÝHG №6 we №10 geçelgelere hem gatnaşýar diýip, Miroslaw Antonowiç sözüniň üstüni ýetirdi hem-de Türkmenistanyň DÝHG-niň halkara üstaşyr nyrhlary we ýeke-täk üstaşyr nyrh baradaky şertnamalaryna goşulyşandygyny belledi.

Munuň özi Türkmenistana Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr geçirmek babatdaky ýeke-täk nyrhlary ylalaşmak üçin oňaýly ýagdaýlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik bermek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrar hem-de gatnawlary ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açar.

Antonowiçiň pikirine görä, şu maksatlara, şeýle hem demir ýollar arkaly gatnawlarda ýeke-täk resminamanyň giňden ulanylmagy ýardam berer, bu resminama häzir Guramanyň çäklerinde ösdürilýär.

-Täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalryň, şol sanda sanly tehnologiýalaryň şertlerinde DÝHG yzygiderli özgerýär, ösüşlere beslenýär, agza ýurtlaryň demir ýollaryny kämilleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň täze ugurlaryny gözleýär.

Serhet we gümrük amallary geçilende, wagtyň tygşytlanmagy, resminamalaryň möçberiniň azaldylmagy hem-de kagyz görnüşdäki resminama dolanyşygynyň aradan aýrylmagy, daşamagyň tizliginiň artdyrylmagy ol we işleriň beýleki ugurlary döwrüň ähli talaplaryna hem-de çagyryşlaryna jogap bermäge mümkinçilik berýär—diýip, Antonowiç aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Aşgabatda halkara forum geçirildi