Gazagystan Türkmenistan bilen arasyndaky maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy tassyklamagy meýilleşdirýär

Gazagystan Türkmenistan bilen arasyndaky maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy tassyklamagy meýilleşdirýär

КазТАГ agentligiň habar bermegine görä, Gazagystan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak isleýär.

Çeşmede Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda Gazagystan Respublikasynyň kanunynyň taslamasyna garamak üçin onuň ýurduň Parlamentiniň Majlisina hödürleniljekdigi bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, degişli Ylalaşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 10-11-nji oktýbarda Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde gol çekilipdi. Resminama laýyklykda, iki ýurtda hem özara maýa goýumlaryny ösdürmek maksady bilen, maýadarlar üçin amatly şertler dörediler.

Ýene degişli makalalar

Rawşanbek Alimow Özbegistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenýär
Türkmen parlamentarileri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşýar
“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy