Gazagystan türkmen gazyny import etmegi meýilleşdirýär

Gazagystan türkmen gazyny import etmegi meýilleşdirýär

Gazagystan paýtagt şäheri Nur-Soltany türkmen gazy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Delowoý Kazahstan” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmen gazy babatynda aýdylanda, häzirki wagtda türkmen tarapy bilen gepleşikler geçirilýär. Bu mesele boýunça heniz çözgüt kabul edilmedi” diýip, “Elektron hökümetiniň” portalynda çap edilen Energetika ministrliginiň maglumatlarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Nur-Soltanyň gaz üpjünçiligi entäk Gazagystanyň öz gazynyň hasabyna ýerine ýetiriler.

“2021-nji ýylda “Saryarka” gaz geçirijisiniň üsti bilen 300 mln. kub metre çenli gaz getirmek meýilleşdirilýär” diýip, ministrligiň maglumatlarynda bellenilýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanyň premýer-ministri Askar Maminiň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ýurtda içerki bazar üçin türkmen gazyny satyn almak mümkinçiligine garalýandygyny habar berdi.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar. 2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Türkmenistandan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň paýtagty üçin türkmen gazynyň satyn alynmagy mümkin
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki çykyşy
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
1-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti