Gazagystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak isleýär

Gazagystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak isleýär

Gazagystanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiliklerine garalýar diýip, Almaty şäherinde geçirilen Gazagystan-Owganystan işewürlik maslahatynda ýurduň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanowyň aýdan sözlerine salgylanyp, Interfax-Kazakhstan habar berdi.

Ý.Akkenžanow: Biz uglewodorod serişdelerini eksport etmek we üstaşyr geçirmek üçin ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge isleg bildirýäris, bu babatda TOPH şeýle taslamalaryň biridir diýip belledi.

Häzirki wagtda Gazagystanyň bu taslamanyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligi babatda türkmen tarapy bilen gepleşikler dowam edýär.

Golaýda Aşgabatda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde QazaqGaz milli kompaniýasy we Türkmengaz döwlet konserniniň arasynda gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilendigini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy