Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär

Gazagystan TDG-na Agza Ýurtlaryň Adalat Ministrleriniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Edýär

Gazagystan, Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Adalat ministrleri geňeşiniň 1-nji maslahatyna ýer eýeçiligini edýär.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Adalat ministri Ýylmaz Tunç gatnaşýar.

Ministr Tunç, Türkiýäniň, Gazada gyrgynçylyk edýän ysraýylly ýolbaşçylaryň jerimesini çekmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýylmaz Tunç “Türkiýe hökmünde Prezidentimiz Jenap R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Palestinada akýan ganyň durmagy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edýäris” diýdi.

Ministr Tunç, Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň adalat boýunça edýän hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Adalat ministri Ýylmaz Tunç, Türkiýäniň terrora garşy göreşde gurama agza ýurtlardan has uly goldawa garaşýandygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip başlandy - çeşmeler
Horasan Türkçesi
DKTR-nyň Premýer-ministri Türkiyede Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaşar Güler Jon Bass bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny