Gazagystan Russiýadan rekord derejede çaý we süýjülik satyn aldy

Gazagystan Russiýadan rekord derejede çaý we süýjülik satyn aldy

Russiýadan Gazagystana çaýyň we süýjülikleriň satuwy ýanwar-awgust aýlarynyň dowamynda öňki ýyldakydan 2,6 göterim artdy we 338 million dollara deň boldy. Bu taryhy rekorddyr diýip, Gazagystanyň Statistika gullugyna salgylanýan RIA Nowosti ýazýar.

Gazagystan Russiýadan, esasan hem, şekerçiňrik gandyny köp satyn aldy, ýagny onuň importy sekiz aýda 16,6 göterim artyp, 162,5 mln dollara deň boldy.

Şokoladyň we kakao düzümli beýleki önümleriň gazak bazaryna eltilmegi agzalan döwürde 5,2 göterim ýokarlanyp, 118,8 mln dollara ýetdi.

Şol bir wagtda çaýyň importy 3,2 esse, ýagny 9,8 mln dollara çenli azaldy.

Gazagystan 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýadan azyk önümlerini satyn alýan esasy ýurtlaryň üçlügine girdi, sanawda Hytaý we Türkiýe ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Müsürde Ýakyn Gündogardaky iň uly Gün elektrik bekedi açyldy
Şols Germaniýanyň Kansleri wezipesine gaýtadan saýlanmak pikiri barada habar berdi
Abbas Moskwa Sapar Eder
Putin Polat Bilbil ogluny Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady
Russiýa et öndüriji ýurtlaryň öňdäki dörtlügine girdi
Bakuda çabga sebäpli 30 adam göçürildi