Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow garşylady.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly düzüldi.Belent mertebeli myhman Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen Hökümet wekiliýetleriniň zalyna geçýär, bu ýerde olaryň söhbetdeşligi boldy, gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. ...Günüň ikinji ýarymynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.

Atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.Milli Liderimiz gazagystanly kärdeşini ýurdumyzda iri atçylyk merkezleriniň biri bolan bu topluma girmäge çagyrýar.Bu ýerde arassa ganly ahalteke bedewlerine ideg etmek, tälim bermek, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolmak bilen, adamzat paýhasynyň tebigat bilen sazlaşykly zähmetde döreden gözelliginiň we ajaýyplygynyň özboluşly netijesidir.Bu gün Türkmenistanda bedewler taryhy tejribäniň, ruhubelent zähmetiň hem-de ösüşlere tarap ynamly gadamyň nyşany bolup durýar.

Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite syn ediş meýdançasynda naýbaşy ahalteke bedewlerini synlaýarlar.Naýbaşy bedewler yzly-yzyna maneže çykarylýar hem-de olaryň her biriniň nesil ugry, häsiýetleri, artykmaçlyklary hem-de gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär.

Behişdi bedewlerimiziň kalbyňy joşdurýan ajaýyp gözelligi, seýkin basyp ýöreýşi göreni haýrana goýýar.Soňra bu ýerde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.Bu topar köp sanly halkara bäsleşikleriň we festiwallaryň ýeňijisi hem-de laureaty boldy.

Bu toparyň jigitleri ähli ýerde, şol sanda daşary ýurtlarda hem iň bir talapkär tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başarýarlar.Olar at üstündäki oýunlary söýýänleri türkmen halkynyň atçylyk sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň, şeýle hem bütin dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine, asyllylygyna tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi. Şöhratly pederlerimiziň däplerini mynasyp dowam etdirýän türkmen jigitlerine hoşallyk sözleri aýdyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň adyndan Gazagystanyň doganlyk halkyna Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi.Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti S.Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Böwser atly ajaýyp aw tazysyny gazak halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde gowşurdy.

Belent mertebeli myhman Gazagystanyň halkyna bildirilen hormat we ajaýyp sowgatlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen uzak geljegi nazarlaýandygyny, iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdürilýändigini aýratyn nygtady. 25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-gazak duşuşygy köpasyrlyk mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm tapgyr bolar.

Doganlyk döwletleriň Liderleri taraplaryň ýola goýlan netijeli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitlilik esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça anyk ädimleri ätmäge elmydama taýýardygyny tassyklaýarlar. Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Olaryň barşynda iki ýurduň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy.Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işine uly ähmiýet berilýär.

Onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenilýär.Biziň ýurtlarymyzy häzirki wagtda möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça ösdürilýän ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde türkmen hem-de gazak halklarynyň köpasyrlyk taryhy däpleri birleşdirýär.

Hut şonuň üçin hem döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.Aşgabatdaky ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasyndaky ynanyşmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen wajyp resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Ýokary derejedäki duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlardaky baý mümkinçiligi netijeli durmuşa geçirmäge, uzak möhletleýin esasda täze, möhüm ugurlara çykmaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer
Aşgabatda Gazagystanyň “KMG Drilling and Services” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy
Ermenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen barar
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler