Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer

Germaniýada resmi saparda bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Federal Kansleri Olaf Şolz bilen duşuşdy.

Duşuşykdan geçirilen metbugat brifingde çykyş eden Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Germaniýa bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edilýändigini belläp geçdi.

Bilşiňiz ýaly, ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda şu ýylyň başyndan bäri Gazagystan “Dostluk” nebit geçirijisi arkaly Germaniýa 500 müň tonna nebit iberdi. German dostlarymyzyň haýyşy boýunça bu nebit eksportunyň möçberini artdyrmak we ony uzakmöhletleýin esasda amala aşyrmak babatda taýýardygymyzy tassykladym diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belläp geçdi.

Bu saparyň çäklerinde “Siemens”, “Deutsche Bahn”, “Siemens Energy”, “Linde” ýaly nemes kompaniýalary bilen şertnama baglaşyldy.

Şeýle hem Germaniýanyň “Helaba” banky Gazagystanda sianid natrili himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 100 million ýewro bermek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Geçen ýyl Gazagystan bilen Germaniýanyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary 25 göterim artyp, 2,8 milliard dollara deň boldy.

Şeýle hem nemes kompaniýalary Gazagystanyň çig mal däl pudaklaryna 6 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary gönükdirdiler.

Ýeri gelende bellesek, Gazagystanyň Ýewropa iberýän nebit önümleriniň mukdary hem artýar. 25-nji sentýabrda Ýewropanyň Statistika edarasy (Eurostat) Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň ýylyň ikinji çärýegindäki energiýa importy barada maglumat ýaratdy.

Maglumata görä, sebitiň energiýa importy 2021-nji hem-de 2022-nji ýylda artypdyr. Şu ýylyň birinji we ikinji çärýeginde bolsa pese gaçypdyr. Ýewropa Bileleşiginiň energiýa importynyň umumy bahasy ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwründäkä garaňda, 39,4 göterim, mukdary bolsa, 11,3 göterim azalypdyr.

Degişli döwürde bileleşigiň nebit önümleri importynda Norwegiýa 13,7 göterim bilen öňdeligi eýeleýär. Sebit ýurtlarynyň nebit importynda ABŞ 13,6, Gazagystan 10,2 we Saud Arabystany 9 göterimlik paý bilen öňdäki orunlary eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"  
Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar
Türkmenistan-Gazagystan: energiýa serişdeleriň iberilişini artdyrmak, üstaşyr düzümleri giňeltmek maslahatlaşyldy
Türkmenistan we Gazagystan resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy