
Gazagystanyň Premýer ministri Askar Mamin, geçiren metbugat ýygnagynda ýurdyň saglygy goraýyş pudagy bilen bagly beýanat berdi.
Koronawirus epidemiýasy tapgyrynda ýurtda gysga wagtyň içinde 18 hassahanany gurmagyň hötdesinden gelendiklerini aýdan Mamin: "Gazagystanda ýene-de 20 sany döwrebap hassahana gurmagy meýilleşdirýäris" diýip mälim etdi.
Gazagystanyň Premýer ministri Askar Mamin, bu ugurda döwrebap görnüşdäki hassahanalaryň gurluşygynda möhüm sepgide ýeten Türkiýäniň tejribesinden peýdalanyljakdygyny belläp: "Türkiýä guran saparymda şol görnüşdäki hassahanalara gözegçilik etdim. Biz hem şolar ýaly görnüşli hassahanalary hyzmata açarys. Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkiýe modeli bilen döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygynda birnäçe hassahana gurulýar" diýip aýan etdi.