Gazagystan bilen Hytaý dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkidýär

3-4-nji iýulda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisi geçirilýär.Oňa gatnaşmak üçin 2-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen Gazagystana bardy.

Bu saparyň dowamynda Gazagystan bilen Hytaýyň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.Onda umumy bahasy 3,7 milliard dollara barabar bolan 40-dan gowrak şertnama gol çekildi.

Gol çekilen şertnamalaryň 16-syna golaýy Gazagystanyň “Samryk-Kazyna” milli kompaniýasy bilen baglaşyldy.

Şertnamalara laýyklykda, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyklar ösdüriler. Şeýle hem Hytaý Gazagystana 200-den gowrak lokomotiw iberer.

Işewürler maslahatyna gazak tarapyndan hususy pudagyň 500-den gowrak wekili, hytaý tarapyndan 50 iri kompaniýanyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar
Putin Hytaýa sapar gurar
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler