Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ministrliginden berilen beýanata görä, koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly hökümet komissiýasynyň täze kararyna görä, daşary ýurt uçar saparlarynda Türkiýä we Özbegistana uçar saparlary artdyrylar.
7-nji iýundan başlap howa ýollar kärhanalary Gazagystandan Türkiýäniň Antalýa şäherine hepdede 8 gezek uçar saparyny amala aşyrar.
Şonuň bilen birlikde Özbegistanyň Namangan, Nukus we Samarkand şäherlerine hem uçar saparlary guralmaga başlanar.
Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ministri Beibut Atamkulow ozal beren beýanatynda, tomus aýlarynda köp sanda raýatyň dynç almak üçin Türkiýä gidýändigini we şol ýagdaýa laýyklykda Antalýa uçar saparlarynyň artdyrylmagy barasynda gepleşikler geçirýändiklerini habar beripdi.