Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy

Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy

Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit gazyp almakçy. Bu tamamlanyp barýan 2022-nji ýyldakydan köpdür diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýurduň üç sany iri nebit ýatagynda geljek ýylda nebitdir gazyň çykarylyşyny artdyrmagy maksat edinýärler. Häzir Tengizde, Kaşaganda we Garaçanakda önümçiligiň gerimini giňeltmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taslamalar tamamlanandan soňra Kaşagan ýatagynda ýylda milliard kub metre çenli gazy gaýtadan işläp bolar. Tengizde nebitiň çykarylyşyny 12 million tonna ýetirmek isleýärler.

Döwlet Baştutanynyň sargydy esasynda 2023-nji ýylda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri nebitgaz taslamalary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy işlenip düzüler diýip, Respublikanyň energetika ministri Bolat Akçulakow belledi.

Gazak nebitiniň esasy ugry Kaspiý turbageçiriji konsorsiumy bolup durýar. Onuň geçirijilik mümkinçiligi artdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler
Geçen ýyl 20 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana syýahat etdi
Kazanda Abaýyň Aşgabatda dikilen heýkeli ýaly ýadygärligi açylar
Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy
Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär
Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy