Gazadan ewakuasiýa edilen türkler Stambula getirildi

Gazadan ewakuasiýa edilen türkler Stambula getirildi

Refah gümrük geçelgesinden Müsüre geçen DKTR-nyň 27 raýaty we Türkiyäniň 60 raýaty Türk howa ýollary kärhanasyna degişli uçar bilen Müsüriň Kair howa menzilinden Stambul howa menziline getirildiler.

Türkiyäniň we DKTR-nyň raýatlaryny howa menzilinde Daşary işler ministrliginiň wekilleri we Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) resmileri garşyladylar.

Pasport gözegçiliginden soň käbir raýatlar awtobuslar bilen howa menzilinden gaýdan bolsalar, DKTR-nyň raýatlary we beýleki welaýatlarda ýaşaýan raýatlar AFAD tarapyndan kesgitlenen myhmanhanalara ýerleşdirildiler.

Ýene degişli makalalar

Balkanda mallaryň arasynda ýaýraýan guduzlamanyň ilata ýokuşandygy güman edilýär, birnäçe oba karantine alyndy
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Türkmenpoçta ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarbeletleri okuwyna kabul edýär
Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzady
Balkan welaýatynda biometriki pasportlary almak üçin paranyň möçberi azaldy
Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin gelen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi"