Gazadaky "Şypa" hassahanasynda köpçülikleýin mazar gazylmaga başlandy

Gazadaky "Şypa" hassahanasynda köpçülikleýin mazar gazylmaga başlandy

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi: "Ýogalan adamlary çykarmak bilen bagly tagallalarymyz şowsuz bolmagyndan soň, Şypa hassahanasynda köpçülikleýin mazar gazmaga başlandygymyzy Gyzyl ýarymaý jemgyýetine habar berdi" diýip mälim etdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili Ýusuf Abu Riýş, Şypa hassahanasynda üýşen jesetleriň saglyk betbagtlygyna sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Ýusuf Abu Riýş hassahanasynyň howlusynda we içinde 100-den gowrak adamyň jesediniň Ysraýylyň giň gerimli hüjümleri we daş töweregini gabamagy sebäpli jaýlanyp bilinmändigini habar berdi.

Ysraýylyň hassahananyň töwereginde hereket edýän ähli zady nyşana alýandygyna ünsleri çeken Abu Riýş, hassahanada jesetleriň üýşendigini mälim etdi.

Palesstinaly resmiler saglygy goraýyş edarasynyň işgärleriniň jesetleri jaýlamaga synanyşandygyny, emma giň gerimli hüjümler sebäpli onuň mümkin bolmandygyny habar berdi.

Gaza şäherindäki Şypa hassahanasy bilen sebitdäki käbir hassahanalary gabaw astyna alan Ysraýylyň goşuny hassahanalara ýygy-ýygydan hüjümler guraýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sudanda saparda boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Oýna girip, het-trik eden 7-nji futbolçy
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar