
Gaza Sektorynda dowam edýän çaknyşyklarda ysraýylly ýene-de 2 esger ýogaldy.
Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Gazanyň demirgazygynda dowam edýän çaknyşyklarda serkerde Dwir Zion Rewah bilen orunbasary Eitan Siknaziniň ýogalandygy nygtaldy.
Çaknyşyklarda ysraýylly 2 esgeriň hem agyr ýaralanandygy ýatladyldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde 17 müň 818-i çaga, 12 müň 287-si zenan bolmak bilen 45 müň 854 adam ýogaldy, 109 müň 139 adam hem ýaralandy.
Harabalygyň aşagynda müňlerçe adamyň bardygy nygtalýar.