Gazadaky hökümet Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza sektorynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolmak bilen 18 müň 412 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 50 müň 100 adama ýetendigini mälim etdi.
Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa Tupany" ady bilen giň göwrümli hüjüm başladandygyny habar beripdi.
Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi.