
Ysraýyl tarapyndan yzygiderli ýagdaýda 471 gün guralan hüjümlerden soň gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza Sektorynda soňky 24 sagatda 2-i harabalykdan çykarlan 3 palestinalynyň jesedi hassahanalara getirildi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň 23-nji gününde Ysraýylyň harby goşunynyň guran hüjümlerinde ýogalanlar we ýaralananlar hakynda maglumat berdi.
Soňky 24 sagatda hassahanalara 3 adamyň jesediniň getirlendigi, Ysraýyl tarapyndan guralan soňky hüjümlerde 9 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sanynyň 48 müň 222, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 111 müň 674 adama ýetendigi bellenildi.
Ysraýyl 19-njy ýanwarda Hamas bilen gazanylan ylalaşyga garamazdan Gazada ylalalygy basgylamaga dowam edýär.
Saglygy goraýyş ministrliginiň resmisi Munir al-Burş, 11-nji fewralda beren ýazmaça beýannamasynda, Ysraýylyň gazanylan ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümlerinde 92 palestinalynyň ýogalandygyny mälim edipdi.