
Ysraýyl tarapyndan yzygiderli ýagdaýda 471 gün guralan hüjümlerden soň gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza Sektorynda soňky 24 sagatda 8-i harabalykdan çykarlan 11 palestinalynyň jesedi hassahanalara getirildi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň 22-nji gününde Ysraýylyň harby goşunynyň guran hüjümlerinde ýogalanlar we ýaralananlar hakynda maglumat berdi.
Soňky 24 sagatda hassahanalara 11 adamyň jesediniň getirlendigi, Ysraýyl tarapyndan guralan soňky hüjümlerde 10 adam hem ýaralanandygy nygtaldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sanynyň 48 müň 219, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 111 müň 665 adama ýetendigi bellenildi.