Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 344 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 375 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza Sektorynda guran hüjümlerinde ýene-de 55 palestinalynyň ýogalandygy, 329 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 344, ýaralananlaryň sany hem 99 müň 13 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 29 Palestinaly Ýogaldy
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi