Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 126 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 371 günden bäri Gaza Sektorynda edýän genosidi hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza Sektorynda 4 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 61 adamyň ýogaldygy, 231 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 42 müň 126, ýaralananlaryň sanynyň 98 müň 117 adama ýetendigi ýatladyldy

Ýene degişli makalalar

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 29 Palestinaly Ýogaldy
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi