“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”

“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”

Prezident R. T. Erdogan, Gazada soňky asyryň iň uly genosidiniň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Yksydysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komiteti ISEDAK-yň 40-njy maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 13 aýda 50 müň palestinalynyň şehit bolandygyny aýdan Erdogan, 2 million adamyň hem azyk we derman ýetmezçiligini başdan geçirýändigini belledi.

Erdogan “Soňky asyryň iň uly genosidinden biri Gazada başdan geçirildi we başdan geçirilýär. Sionist ulgam we tarapdarlary 13 aýdan bäri uly gyrgynçylyk edýär, emma palestinaly doganlarymyz bogun egmedi” diýdi.

Gaza we Liwana guralýan hüjümlerini dowam etdirýän sionist ulgama Palestin döwletiniň ykrar edilmegi bilen iň dogry jogabyň beriljekdigini aýdan Prezident Erdogan, musulman ýurtlarynyň garaýyş tapawutlylygyny bir gapdala goýup Palestinanyň we Liwanyň halkyna goldaw bermeginiň diýseň möhümdigini belledi.

Türkiýäniň Ysraýylyň gyrgynçylygyna garşy durmaga dowam etjekdigini aýdan Prezident Erdogan, Gaza häzire çenli 85 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini berendiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Çanakaýa Köşgünde Geçirildi
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer