“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”

“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”

Prezident R. T. Erdogan “Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş edýärin” diýdi.

Braziliýada geçirilýän G-20-niň liderler sammitinde çykyş eden Prezident Erdogan, dünýäde her 10 adamdan biriniň açlyga garşy göreşýän döwründe BMG-nyň Baş Assambleýasynda 9 ýyl ozal kabul edilen Galkynyş maksatnamasynyň heniz garaşylýan netijäni bermändigini aýtdy.

“Goňşusy aç mahaly dok ýatmazlygy” özüne şygar edinen türk halkynyň 2015-nji ýyldan bäri milli girdejisiniň 1 göterimini ynsanperwer kömegi üçin sarp edýändigini nygtan Erdogan, “Türkiýe dünýäniň hemaýatkär ýurtlarynyň hatarynda ýer alýar” diýip belledi.

Prezident Erdogan, Braziliýanyň G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe başladan “Açlyga we ýoksullyga garşy halkara hyzmatdaşlyk” başlanjygyna goldaw berýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan, Gazanyň başda durmagynda Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Aziýada çaknyşyklar sebäpli agyr günleri başdan geçirýän asuda ilata goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

Erdogan “Esasan Gazada gytçylyk howpy halkara kesgitlemelere görä “betbagtçylyk” derejesine ýetdi.Gazanyň ilatynyň 96 göterimi, ýagny 2 milliondan gowrak adam azyk we agyz suwy ýetmezçiligini başdan geçirýär.Dowam edýän hüjümler we gyş paşlynyň gelmegi sebäpli Gazanyň halkynyň şertleri gün saýyn agyrlaşýar.

Türkiýe hökmünde sebite 86 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini berdik.Häzire çenli Liwana hem 1300 tonna ynsanperwer kömegini berdik.Gazada başdan geçirilýän adamzat pajygasynyň gyssga wagtda ortadan aýrylmagy we hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Karadagyň Prezidenti Ankarada Saparda Boldy
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Erdogan Omanyň Soltany Bilen Metbugat Ýyganagyny Geçirdi