Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy

Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy

Ysraýylyň Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 palestinaly ýogaldy.

Ysraýyl, Gazada gyrgynçylykly hüjümlerini dowam etdirýär.

Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýede palestinalylaryň bolýan Halime as Sadiýa mekdebini bombalady.

Uçarmansyz howa ulagy bilen guralan raketa hüjüminde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.

Jibaliýedäki mekdep, Ysraýyl tarapyndan bombalanan ýüzlerçe mekdenden diňe biri.

Gazadaky 564 mekdepden 477-sine Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zeper ýetirildi.

12 uniwersitet dolulygyna ýykyldy.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli soňky 24 sagatda 37 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň, ýaralananlaryň sany bolsa 94 müň adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Abdulhamit Süleýman Çolpan
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär
Ysraýyl-Iordaniýa serhedindäki gümrük geçelgesinde ýaragly hüjüm guraldy
Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady
Abdul Kaýýum Nasyri