8 müňden gowrak adam pidasyna sebäp bolan Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri Ýakyn Gündogaryň geosyýasatynda esasy öwrülşik nokadyna öwrülme ähtimalyna eýe.Ysraýylyň gury ýerden hüjümi, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşygyň Gazadan başga ýerlere çenli uzap gitjekdigini görkezýän ençeme dinamika ýüze çykdy.
Taryhy taýdan bu çaknyşyklar bilinýän usulda boldy: Hamas Ysraýyla hüjüm etdi, Ysraýyl Gaza harby howa hüjümini gurady, hüjümler bes edildi we status-kwo gaýtadan dikeldildi.Emma 7-nji oktýabrdan soň başdan geçirlenler bu usuldan daşlaşmagyň güýçli alamatlaryny görkezýär.
Ysraýyl Gazanyň iň azyndan demirgazyk bölegine ornaşmak isleýär we şeýlelikde status-kwo üýtgeýär.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.
Ysraýylda hüjümler sebäpli ýüze çykan howpsuzlyk meselesi, esasan Hamasyň näbelliligi sebäpli hasam çuňlaşdy.Ysraýylyň goşunlarynyň gözegçiligi ele almakdaky 24 sagatlyk gijä galmasy, taýýarlyklaryň ýeterlik däldigini ýüze çykardy. İň esasysy bolsa 7-nji oktýabrdaky operasiýa Ysraýyly çydamasy kyn bolan iňňän agyr ontologik howpsuzlyk çökgünligine sezewar etdi.
Netijede Ysraýylyň liderleri we sebitleýin güýçleri el çekdirme ukyby iňňän peseldi.Ol, Ysraýylyň howpsuzlyk syýasatrlarynda we sebitleýin ygrarlylyklarynda möhüm özgerlişik edip biljekdigini we potensial taýdan Ýakyn Gündogarda has uly özgerlişiklere sebäp bolup biljekdigini görkezýär.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Katara guran saparynyň dowamynda nygtaýşy ýaly, bu howpsuzlyk çökgünligi ýa Palestina çaknyşygyny çözip, täze bir sebitleýin parahatçylygy ýüze çykarar, ýa-da has uly sebitleýin çaknyşyga öwrüler. Parahatçylyk häzirki wagtda-da alysda ýaly görünýän hem bolsa, sebitleýin durnuksyzlygyň artma ähtimaly ýokary.
Meseläniň gidýän ugry Ysraýylyň Hamasy täsirsiz ýagdaýa getirme maksadyna ýetmekdäki başarnygyna we saýlap alan usulyna baglydyr. Çözgüde barýan ýol Hamasa garşy gury ýer operasiýasyny we soň demirgazyk Gazanyň basylyp alynmagyny, soň hökümetiň gurulmagyny öz içine alýar.
Emma, ençeme kynçylyklar bar.Sebäbi Ysraýylyň hakykata bap gelýän meýilnamasy ýok.ABŞ-nyň Ysraýyla edýän basyşy we Gazadaky Hamasyň garşylygy şol maksada ýetilmegine ýol bermän biler.Ysraýylyň çäksiz harby güýç ulanmagy we köpçülikleýin jezalandyrma usulyýeti halkara tankytlara sebäp boldy we giňeldilen guryýer operasiýasy Ysraýyl üçin uly howp we kynçylyk döreder.
Guryýer operasiýasynyň Ysraýylyň we Gazanyň çäklerinden çykma ähtimallygy hem ABŞ-ny hem-de Ysraýyly çäklendirýär. Liwan Hizbullahynyň çaknyşyga goşulmagy we Siriýa bilen Yrakdaky dürli partizan toparlar tarapyndan Amerikanyň harby pozisiýalarynyň nyşana alynmagy ABŞ-ny çaknyşygyň içine çekip biler hem-de şeýle bolan halatynda çaknyşygyň gerimi giňär.
Ysraýylyň Gazadaky agressiýasy Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine we potensial taýdan dowam edýän kadalaşma tapgyryny ortadan aýyrar ýa-da bes etdirer.Türkiýaniň Ysraýyl boýunça pozisiýasy Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýyly berk tankyt etmegi bilen üýtgedi.
Erdogan şol bir wagtda-da Türkiýäniň dürli çäreleri görmäge taýýardygyny nygtady.Türkiýäniň çaknyşygy çözmek ugrundaky sebitleýin diplomatiýa işjeň gatnaşýandygyna garamazdan Ysraýylyň beýan edilen maksatlaryna ýetýänçä hüjümleri bes etmejekdigi äşgär.
Bu şertlerde Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyrynyň iň bolmanda wagtlaýynça durandygyny öňe sürmek ýalňyş bolmaz.
Ysraýyl-Eýran duşmançylygynyň möwjeme ähtimallygy hem möhüm. ABŞ, Eýran bilen gönüden çaknyşyklardan çetde durýan bolsa, Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň Yrakdaky we Siriýadaky Amerikan harby pozisiýalaryna hüjümler bu pozisiýany üýtgedip biler.
Ysraýylyň agressiwligi Palestina meselesine ýaramaz täsir ýetirýar.Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan soň howpsuzlyk we daşary syýasat çemeleşmesinde iki döwletli çözgütden el çekilip, Palestina meselesi bir gyra goýlup bilner.
Bu mariginallaşma Ysraýyly dünýäden üzňeleşdirer.Ybraýym ylalaşyklaryny we sebitleýin ýaranlyklaryny netijeleşdirip, Arap-Ysraýyl dartgynlygyny gaýtadan güýçlendirip biler.Palestina meselesini import etmek we iki döwletli çözgüdi gyra goýmak, sebitleýin radikalaşşamany we global netijeleri ýüze çykarar.
Bu howplar göz öňünde tutulanda Ýakyn Gündogaryň sebitleýin howpsuzlyk şertleriniň 7-nji oktýabrdan soň has bäsleşikçi häsýete eýe boljakdygy äşgärdir. Ysraýylyň Gazada dowam edýän guryýer operasiýasy bu bäsleşikçi şerti çaknyşykçy şerte öwürip biler we Ysraýylyň howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny çykgynsyzlaşdyryp biler. Şeýle howpsuz şertlerde Ysraýylyň özüni howpsuz duýmagy mümkin däl. Edilmeli zat, Ysraýylyň agressiwligini çäklendirjek ylalaşygyň yglan edilmegidir.