Gazada Deňi-Taýy Görülmedik Genosid Başdan Geçirilýär

Gazada Deňi-Taýy Görülmedik Genosid Başdan Geçirilýär

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Gaza Sektorynda ikinji uly betbagçylygyň we taryhda deňi-taýy görülmedik genosidiň başdan geçirilýändigini nygtady.

Abbas, Palestinanyň azatlyk göreşiniň esasy simwollaryndan biri hökmünde kabul edilýän Palestinanyň ilkinji Prezidenti Ýaser Arafadyň aradan çykan gününiň 20-nji ýylynda eden çykyşynda palestin halkynyň agyr günleri başdan geçirýändigini ýatlatdy.

Abbas, “Gaza Sektorynda ikinji Nakba ýagny uly betbagtçylyk başdan geçirilýär. Halkymyz taryhda deňi-taýy görülmedik genoside sezewar bolýar. Müňlerçe adam ýogalýar we ýaralanýar. Her ýer ýykylýar. Ynsanlar öýsüz-öwzarsyz galýar” diýdi.

Abbas, Ysraýylyň Gazany harabalyga öwürendigini we Gazanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalaryň munyň anyk subutnamasydygy belledi.

Mahmud Abbas, palestin halkynyň barlygynyň we Palestina meselesiniň ortadan aýrylyp bilinmejekdigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Putin Bilen Abbas Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär