BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Wolker Türk, Gazada bütin dünýäniň gözüniň öňünde adamzat pajygasynyň dowam edýändigini nygtady.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen täze ýylyň ilkinji maslahatynda Gazada Ysraýylyň hassahanalara garşy guraýan hüjümleri we saglygy goraýyş krizisi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Wolker Türk, “Gazada bütin dünýäniň gözüniň öňünde adamzat pajygasy dowam edýär. Ysraýylyň harby uçarlary müňlerçe adamy öldürdi we sebiti harabalyga öwürdi” diýdi.
Gazada halkara hukugynyň basgylanýandygyny we çaknyşyklarda hassahanalaryň goralmalydygyny ýatladan Türk, “Gazadaky hassahanalaryň ýykylmagy, palestinalylaryň ýeterlik saglyk hyzmadyny almak hukugyny ellerinden almakdan öte geçýär. Bu hassahanalar gidere başga ýeri bolmadyk müňlerçe adam üçin gaçybatalgady” diýdi.
Türk “Saglygy goraýyş merkezleriniň bilkastlaýyn nyşana alynmagy köpçülikleýin jezalandyrma gönüşlerinden biridir. Şuňa meňzeş hereketler adamzada garşy edilen jenaýat hem bolup biler” diýip belledi.