Gazadaky hökümediň Metbugat ofisiniň baş müdüri Ismail as-Sewabite geçiren metbugat ýygnagynda, sebitde çuňlaşýan açlyk howpy barada maglumat berdi.
Ismail as-Sewabite Gaza zolagynyň we esasan hem Demirgazyk Gaza we Gaza şäheriniň merkeziniň tiz depgin bilen açlyga tarap barýandygyny, bu iki şäherde ýaşaýan 700 müň palestinalynyň her gün açlyga garşy göreş alyp barýandygyny beýan etdi.
Açlik howpunyň günsaýyn has hem çuňlaşýandygyny we adamlaryň janyna gönüden-göni howp salýandygyny aýdan Sewabite: "1 milliondan gowrak çaga ýeterlik derejede iýmitlenmezlik howpy abanýar, şol çagalaryň 3500-i ýeterlik derejede iýmitlenmezlik, goşmaça azyk we sanjym ýetmezçiligi sebäpli indi ölüme has hem ýakyn" diýip mälim etdi.
Sewabite Ysraýylyň Kerem Abu Salim we Rafah gümrük geçelgelerini ýapyp 15 müňden gowrak ýük ulagynyň Gaza girmegine päsgel berýändigini, onuň bolsa Gazanyň halkynyň permanyna gol goýmak manysyna gelýändigini beýan etdi.