Gazada 16 Müň 589 Çaga Ýogaldy

Gazada 16 Müň 589 Çaga Ýogaldy

Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda 115-i 7-nji oktýabrdan soň doglan bäbek bolmak bilen jemi 16 müň 589 çaga ýogaldy.

Gazadaky hökümetiň metbugat gullugyndan berlen beýannamada, “Çagalar, Ysraýylyň 325 günden bäri guraýan hüjümleriniň gurbany bolmaga dowam edýär” diýildi.

Beýannamada görä, Ysraýylyň hüjümlerinde 16 müň 589 çaga ýogaldy, 17 müň çaganyň ýa ejesi ýada kakasy ýogaldy.

Ysraýylyň bökdençlikleri sebäpli 3 müň 500 çaga hem ölüm howpuna sezewar.

Azyk we derman ýetmezçiligi sebäpli göwreli 60 müň zenan hem agyr günleri başdan geçirýär.

Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalanlaryň 69 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan 40 müň 435 palestinalynyň jesedi tapyldy. Dereksiz ýiten 10 müň adam bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sany 50 müň 435 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada ýaraşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýär
Gladiator 24 ýyldan soň Kolizeýe dolandy