Gaza zolagynda sil apatlary başdan geçirilýär

Gaza zolagynda sil apatlary başdan geçirilýär

Gaza zolagyndaky Raýat goranyş edarasynyň metbugat geňeşçisi Mahmud Basal, beren ýazmaça beýanatynda mesele bilen bagly maglumat berdi.

Düýn irdenden bäri täsirli bolan ýagyşyň mejbury ýagdaýda öz ýaşaýan ýerlerinden göçen adamlaryň sygynan çadyrlara zeper ýetirendigini aýdan Mahmud Basal, çadyrlary suw basandygyny, ýorgan-düşekleriň, egin-eşikleriň suwuň aşagynda galandygy mälim edildi.

Halkara jemgyýete we BMG-na ýaşaýan ýerlerinden mejbury ýagdaýda göçürilen palestinalylaryň halas edilmegi üçin tagalla etmek barada çagyryş beren Basal, asuda ilaty ýaramaz howa şertlerinden goramak üçin goşmaça çadyrlar we awtoöýler bilen üpjün edilmegini isledi.

Gazadaky hökümediň Metbugat ofisi tarapyndan berilen maglumata görä, Ysraýylyň hüjümleriniň başlan güni bolan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri 2,3 milion ilatly Gaza zolagynda 2 million adam öz ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere mejbury ýagdaýda göçürildi.

Mejbury ýagdaýda göçürilen palestinalylar sygynma merkezleri hökmünde ulanylýan mekdeplere we dogan-garyndaşlarynyň öýlerine sygynmaga mejbur galan bolsalar, käbir palestinalylar seýigählerde ýa-da stadionlarda çadyr gurdular.

Palestinalylar, ýeterlik suw we iýmit bolmadyk we keselleriň ýaýramagyna amatly bolan agyr ynsanperwer şertlerinde ýaşaýyş göreşini alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ: Gaza boýunça gepleşikler “netijeli” dowam edýär
UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Howpsuz Ýer Ýok
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Hamas: Gaza boýunça gepleşikler “çynlakaý we oňyn” dowam edýär