
BMG tarapyndan berilen beýanatda: "Ysraýylyň Nitzana şäherinden Gaza 200 ýük ulagy ugradyldy. Şolaryň 187-si ýerli wagt bilen sagat 19:00-da Gaza girdi. Şolaryň düzüminde azyk önümleri, suw we gyssagly lukmançylyk kömegi bar.
Ewakuasiýa kömek bermek üçin 11 tiz kömek ulagy, 3 awtobus we 1 ýük ulagy Şypa hassahanasyna ugradyldy.Mundan başgada 129 müň litr ýangyç Gaza girdi" diýip habar berildi.
Beýanatda: "Palestinanyň we Müsüriň Gyzyl ýarymaý jemgyýetleri kömek bermesedi, şolaryň hiç biri mümkin bolmazdy. Arakesme näçe uzak wagt dowam etse, ynsanperwer guramalar Gaza has köp kömek ugradyp biler" diýip aýan edildi.