Gaza Ýene-de 59 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi

Gaza Ýene-de 59 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýän gabaw astyndaky Gaza sektoryna ýene-de 59 konteýnerlik ynsanperwer kömegi berildi.

Palestina tarapyndan berlen beýannamada, düýn Refah gümrük geçelgesinden giren azyk önümlerinden, lukmançylyk enjamlaryndan we dermandan ybarat ýene-de 59 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň Müsürden kabul edilip alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 217 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berlendigi ýatladyldy.

Beýannamada Ysraýylyň Gaza ýangyç kömeginiň berilmegine bolsa rugsat bermeýändigine üns çekidli.

Hamasyn Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Hüjümler sebäpli iki tarapda müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Düýn Gaza 808 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi
Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy
Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär