Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy

Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy

Ysraýylyň yzygiderli ýagdaýda 471 gün guran hüjümlerinden soň Gaza Sektorynda hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy maksady bilen ylalaşyk gazanylypdy.

19-njy ýanwarda güýje giren ylalaşykdan soň harabalyklaryň aşagyndan palestinalylaryň jesetleri çykarylýar.

Soňky 24 sagatda Gazada ýene-de 22 palestinalynyň jesedi çykaryldy.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 19-njy ýanwarda gazanylan ylalaşykdan soň Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan guralan hüjümlerde ýogalanlar we ýaralananlar hakynda maglumat berdi.

Soňky 24 sagatda hassahanalara harabalyklaryň aşagyndan çykarlan ýene-de 24 adamyň jesedi bilen ýaralanan 16 adamyň getirlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 48 müň 319-a, ýaralananlaryň sany bolsa 111 müň 749 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainaly 99 Esgeriň Jesedini Berdi
Aşgabadyň gonamçylygynda täze mazarlar döreýär, keselhanalar ölenleri sellofan örtgülere dolap berýärler. Türkmenistanda COVID-19 ýokmy?